gysylmak

gysylmak
işlik
1) Bir ýere ykjam dykylyp durmak; köpçüligiň içine düşüp sykylmak.
∙ Gepleşige päsgel bermezlik üçin künje gysyldy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)
2) Howsala düşmek, dar göwünlilik etmek, darykmak.
∙ Gurbanow hem gaty bir gysylyp, ýygryljyrap oturmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
3) Göçme manyda Horlanmak, inçelmek, çekilmek.
∙ Onuň hem arryk ýüzüniň tumşuklary gysyldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»